Myhman meselesi
Adamlar we aýakgaplar hakynda
kän aýdarlar, iň esasy mesele,
eger olar seni agyrtsa mydam,
ölçegiň däl, görme, geýme peselip,
ýa eselip, bolan bolma köwüşli,
ýokmy, ýok bil, edinjek bol laýygyn,
ýok ýerinden bolan bolma söwüşli,
myhman gelse, baryňy ber, uýalma,
soň ol gidip, şyltak atsa, suwukdym,
ýaşdym diýip, özüň iýip, goýalma.