Arly ildeş

Duzuňyzy iýdim diýipdir adam,
zyňmazdan öň yzymyzdan hanjaryn,
awy, zäher çalnan, ýigrenç suwunda,
bellisi ýok, näçe ýyllap taplanan,
degse aljak çümmän, çala çyzsa-da,
bady ýykjak bagyň bilen ýaplanan.

Gynanýarsyň, duzuňa däl, halyna,
adamlaryň ahyr açanda ýüzün,
wagt ýitirip, saçak ýazyp öňünde,
diňläniňe bal mysaly her sözün,
zar boldum-da diýip ildeşe, sada,
ýazypdyr ol, arly, ahmyrly, ýöne
duzuňyzy iýdim diýipdir adam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026