Biwagt ölüm
Ol, diýdiler, dünýäni
halas edip biljekdi,
sebäbi bar pişesi
jenaýatçy tutmakdy,
ownuk-uşak däl, iri,
iň uly suw bulanlar
çekinýärdi naçardan,
ýöne işden kowdular,
soň ýogaldy birdenkä,
tarpa-taýyn öýünde,
ýaşdy entek Jessika,
ýamanlyk ýok küýünde...