Sary çyrmaşyk meselesi
Gülmelimi, aglamaly,
ýa oňmaly başyň ýaýkap,
bilmedim-aý -meli, -maly...
Gawun sakçyň güni boldy,
gawun gerek hemmelere,
gowusyndan, torly, sary,
eşekli ýa pyýadalar,
edil köýen ýaly ary,
ýa gelseler arabaly,
her gün berip dilänlerin,
ýükün tutup, ugratsaň-da,
bir gün diýseň ýok, bolanok,
herki zadyň çen-çaky bar,
ýa bellenen çägi bar-eý,
hä diýjek ýok, soňy gelmez
gargyş ýa-da agy bar-eý!
Hemme adam, menem biri,
ýatlatmasam bolmady-la,
kanun bolsa bir ýerlerde,
ýa goralsa adam haky,
hukuk goran, göreşen men,
durmalyda duruşan men,
öwnüp biljek döşe kakyp,
synanyşan boldy öňem
dynjak bolsa otsuz ýakyp.
Dogry, her kim öz ýanyndan
bir, ýeke-täk adalatçy,
ýere, göge direg boljak,
ýöne seni ýola düşäp,
suw getirdip, boýun aljak,
galjak barha ýokarlaryk,
ýok, bolmasa töhmet atjak,
sen baýmyşyň, o bir garyp.
Bu çyrmaşyk meselesi,
ýumşak, sary, ýadymda bek,
eger bolsa diýenleri,
başga ekin bitmeli däl,
almaly däl boýun, inin,
elekli suw daşa toýda,
azdyr hatda berseň janyň,
dinsiz, gara nebsiň guly,
diýer saňa ýok imanyň.