Ene jezasy

Hökümetde bolşy ýaly,
bolşy ýaly häkimýetde,
metbugatda kemçilik kän,
žurnalistem adam çünki,
syýsatçyň bolşy ýaly,
bolşy ýaly daýhanlaryň,
işçileriň ýa olary
okadanyň, bejereniň,
kitap berip, derman berip,
kämillik ýok adamlarda,
okan ýa-da okamadyk,
düzýär olar hökümeti,
bozýar olar häkimýeti,
görülmedik derejede,
bize bu dert ýa kakadan,
ýa-da geçen ejelerden,
şondan, meger, käbirleri
durşy bilen gahar, gazap,
kaka-da kyn gargalsa kän,
eje çekýär has köp azap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025