
Oýlanmaly ýagdaý
Agramyň bolmasa aşykça, oglan,
dogry wagty, gerek ýerinde doglan,
berilmedik bolsa akyl, parasat,
gulaç ýaly diliň gapdaly bilen,
iki dünýäň şasy, soltany bolaý,
saýlanan bol, boş sözüňe guwanyp,
ýa pula çüm durup hazyna golaý,
düýnki ýetim ýa-da ene-ataly,
mün gowusyn maşyn alyp, at alyp,
iki günde tanadarsyň özüňi,
öňýeteniň oýunjagy, kenegi,
goltugyňa garpyz beren kän bolar,
narpyz bolsaň, el çarpyjyň az bolmaz,
gülki borsuň, başga boljak zadyň ýok,
samsyk bolsaň, samsyk bolup geçmeli,
ýalan gepden başga göwün şadyň ýok.