Indiki gapy
Ol är öňki ärden gowy,
ýa ol aýal öňküsinden
has akylly, düşünjeli,
has duýgudaş, has raýdaş,
has ýürekdeş bolmasa,
girrik bolsa beter gaýta,
bolsa ownuk ýa dargursak,
hassa bolsa özüm diýip,
her peşeden pil ýsaýan,
düşünmeýän dünýe näme,
durmuş näme, gykylygy,
gep-gybaty baýdak edip,
ýatsa depäň ýapysynda,
berse bersin bal wadasyn,
görünme hiç gapysynda.