Wagty gelende

Bu gürrüňi biz etsek,
gybat ýaly boljakdy,
töhmet ýaly boljakdy,
ýa boljakdy çişirmek,
öçli, öýke-kineli,
arly diýip güljekdi,
synlaýanyň keseden
garaşany geljekdi.

Bu gürrüňi biz etsek,
duzun iýip biriniň,
beren eli dişleýän
diýjek kändi ýüzugra,
emma wagty gelende
açýar her kim özüni,
bakma ýalan gülenne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025