Telefonly ogry
Ozal biziň ömürimiz bihaýa
hökümetler ogurlardy, alardy,
wagyz bilen bor-bolgusyz,
guýup beýnä öz geregin,
harpyk baryn, daşyn dolap,
çäç al diýip salardy,
badak boljak soňra ýolda,
indi bizde telefon bar,
alyp galýan ýoldan aldap,
bar pulumyz alyp elden,
beren ýaly ogry-jümrä
aýlygymyz alyp-alman,
ozal bizi hökümetler
ýok edýärdi ýuwup beýni,
indi biziň öz-özümiz
telefonly urýan öýni.