Gymmat düşen mugt eser
Eser boldy adamlar,
kitap, kino gerek däl,
ýeser boldy adamlar,
belli boldy niýet, päl,
bir-biriniň sesin ýazyp,
gerek ýerin alyp soňra,
ony oňa çatdylar,
agy gara gatdylar,
hem özlerin, hem ili
geçen ýerne satdylar,
sergi edip güle-güle,
ozalam ýok raýdaşlyk,
indi durşy bilen hile,
ala-mula halkyň içi,
ýeser boldy jemagat,
eser boldy jemagat,
ne hajysy hajy boldy,
ne-de hany han boldy,
ýazyjysy ýazyjy däl,
hakyň bagry gan boldy.