Tobasyz model
Adalatsyz jemgyýetde baý bolmak,
sylag almak, hormatlanmak, türmeler
hyryn-dykyn bolup, gutulan gitse,
ýurtdan çykyp, eklenç üçin, iş üçin,
çagalaryn taşlap ataly ýetim,
ýa eneli ýetim goýup entetse,
ýa-da okap, bilim, hünär edinip,
gelmek däl-de, galmak üçin ýat ilde,
gitse okap, düşünjegi milletiň,
şükür, çykjak tapyljak däl garşyma,
ýetdim diýip näme bolsa köňülde,
bu dünýäni tutan ýaly gomalmak,
tobasyzyň tobasynyň tutusy -
günde täze geýnen bolmak...