Maska aýrylanda

Adam ýüzün açýar ahyr,
perdesini ýyrtyp, taşlap
maskasyny içki jaýda,
gerek däl ol artyk oňa,
näme diýse, näme etse,
ýa aýdýany başga bolup,
edýän işi düýpden başga,
tersi bolsa sözleriniň
geňlejek ýok, oňlajak kän,
kän çen-çakdan peýdasyny,
zyýan näme, bilmeýänler,
ogry, kezzap sylagly är,
kada talaň, açyk ýalan,
diýip baýa hudaý berýär,
elin ele bermeli il,
goramaly bir-birini,
ýüzläp, müňläp har edilýän,
ýa oýnaýar ýatan bolup,
ýa-da bar dek başga bilýän
has ullakan hakykaty,
gülen bolýar, hem garaşýar,
bir halasgär geljek ýaly,
adam zyňýar maskasyny,
ýa tozan, ýa artyk maly
gereginden, dünýä sygman,
ýöne bary bir pikirde,
sygyr bolsa, nätjek sagman?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025