
Arzuw böregi
Ähli gandal demirden däl,
görünmeýär göze mydam,
ýöne käsi demirden-de
berk saklaýar, goýbermeýär,
butnatmaýar ursaň aňa,
daňsaň duýgy, düşünjäňi,
gün görmersiň aga-ýana.
Başgalar däl, köplençe ony,
gandaldygyn bilmän, belki,
özi saýlap, seçip alyp,
bendi bolup galýar adam,
özi ýaly, gul bolana,
süriň biri, çopany däl,
taýagy ýok uzyn, egri,
ýa iti ýok küşgürmäge,
türmesi ýok hemmeleriň,
döwlet ýaly, ýok diýeňde,
iselese-de urup-ýenjip,
aç daňmaýar her öňýeten,
alyp gaçyp eliňdäki
soňky döwüm çöregiňi,
bes et özüň doýurmagy,
öwüp arzuw böregiňi.