
Tarap betbagtçylygy
Hökümet seň tarapyňda,
KGB-si bilen bile,
olar seniň saglygyňy,
gowulygyň gaýgy edýär,
gaýgy edýär ene-ataň,
çagalaryň gaýgy edýär,
salma diýýär özüň beýle
agyr hala, duşmanlaryň
gülmesinler hezil edip,
birleri ýaş, beýlekisi
azy galan, köpi gidip.
Sorag ilki iki sagat,
üç sagatdan geçmeýär kän,
soň dört sagat, alty sagat,
sekiz sagat dowam edýär,
daň agarýar, Nazarowiç
habar tutýar Begmyratdan,
işleýäris diýýär sülçi,
telefony goýýar, galýar
oturgyçdan agras, soňra
düşün diýýär hormatyňa,
sylagyňa, günä eden,
kanun bozan gidýär türmä,
ýagdaýyň bar, bolýar diýip,
o ýerlere barma, görme...
Soňra gandal, dar koridor,
dar kamera gujak açýar,
kirli düşek, ýassyk diýlip
berlen zada başyň goýup,
demir ýatak bilen galyp,
gürleşýärsiň özüň bilen,
hökümet seň tarapyňda,
KGB-si bilen bile,
çyk, bu ýerde ýatma beýdip,
olar seni basmakçy däl,
gysmakçy däl öňki ýaly,
iş berýärler, gazet, žurnal,
islän ýeriň saýla, ýöne
syýasatdan uzakda dur,
güller hakda, guşlar hakda
ýaz goşgyňy, çykararlar,
bil baglama ile gaýdyp,
batyr ondan garasarlar.
Irkilýärsiň, ýene gapy,
taýýar boluň, hajathana,
dar koridor, sakçylar sak,
bäş minudyň ýetirmeli
suw çalmaga endamyňa,
hökümet seň tarapyňda,
KGB-si bilen bile,
saglygyňy gaýgy edýär,
ýuwun, ardyn diýýär gowy,
git, öýüňde ýaşa, goýun
öldürip iý islän wagtyň,
ýaşulynyň pendini al,
ýatyrmasyn diýdi bagtyn.
Ýene sorag, Annamyrat
Garajaýew gülýär ýalan,
kofemi, çaý, ýoldaş şahyr,
iş bolduň-laý, bes et ahyr,
ýazyjylar jaň edýärler,
göýdük süri, düşünýäris,
oýnan bolup bizi, indi
sypdyrmaň-how diýdi biri,
gynanjak kän arasynda,
bu dowzahdan çyksaň diri.
Hökümet seň tarapyňda,
KGB-si bilen bile,
öldürmek däl niýetleri,
çagalaryň kiçi, düşün,
aç bolarlar, hor bolarlar,
ezer iliň iň soňkusy,
seniň eden, etjek işiň
depesinden basyp mydam,
ýok edilen adamlardan
gözleme sen gowy adam,
özleri dek bol-da çekil,
soňra seret diýýär IIM-de,
DIM-de garşy bolmaz saňa,
diplomat bol bir ülkede,
synla, dünýä nirden barýar,
o nirede, bu nirede,
kim arkadan, içden urýar...
Hökümet seň tarapyňda,
KGB-si bilen bile,
ýagny bilýär öldürmekden
saklanmaly bellileri,
ady çykan ýa tanalýan,
altyn köpri berip geçse,
çekilmäge yza tarap,
bejermeli ýaralaryn,
beterletmän, gowy sarap,
soň, kem-kemden öldürmeli,
öz eline berip palta,
jellat seniň tarapyňda,
dogry ýolda bolsaň ýalta.
Ýene sorag, şol bir talap,
öňden gelýän, täzelik däl,
öz pikiriň bolmasyn hiç,
ezilenler başga gürrüň,
özi bilýär iliň gowy,
senden akyl soramady,
sen jogapkär bir özüňe,
çagalaryň gaýgysyn et,
pida bolma pida bolup,
pida oýnun oýnan ile,
garşy durma dagdan inen,
görnüp gelýän däli sile.
Galsaň kälde çykyp bilmän,
ýa sowulsaň çemin tapyp,
tapawudy bolmaz jinnek,
näletiň hiç azlyk etmez,
utanarsyň, ýüzüň ýapyp,
gaçar ýaly eder ýeňlen,
basylan il öz şerinden,
hökümet öz tarapynda,
KGB-si bilen bile,
olar ili ýok edýärler,
ýok edýärler özlerini,
çagalaryn arasynda,
alyp galjak bolup aman,
bu hiç ýurtda bolmaly däl,
ýöne bolýar gelse zaman.