Geçmiş we geljek

Geçmiş, dogry, gutulgusyz,
üýtgeden ýok ony diňe
ýalan sözläp, özün aldap,
üýtgetmese urşup ýeňen,
gyran güýji ýetenini,
a soň gazet çykaranlar,
toty bolar okan gözsüz,
öz ýalanyn gaýtalar ýör,
gözi gorkan öli janlar.

Ýöne geljek başga gürrüň,
sen ynansaň basyp alyp,
gyranlaryň gürrüňine,
niýetine uranlaryň,
ezenleriň ertir, agşam,
eneň, ataň, çagaň goýman,
ýalan guýýan tüýnügiňden,
talanlary has edenli,
has akylly, ýa has ösen
hasaplasaň, şahyrlaryň,
ýazyjynyň sesin kesen
türme bilen, töhmet bilen,
oýananyň birisi däl,
ýatanlaryň biri borsuň,
söweşde däl, uzak ýaşap,
şeýle ölüp, diri borsuň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026