Topar däliligi

Ýekelikde, ýalňyzlykdan,
arkasynda adam durman,
diýseler-de däli, pylan,
başga pikir, garaýyşla,
goldamady ilim diýip,
gije-gündiz özün iýip,
dälireýän az bor örän,
baş goýsam-da ýurdum üçin,
bolmady-la diýip sylan,
biler adam akyldan däl,
ýylan bilen bolmak ýylan.

Lapykeçlik çykalga däl,
çykalga däl ýan bermeklik,
il busýarka orta çykyp,
nämä gerek jan bermeklik,
diýer adam, akyl durlap,
wagt ýitirmez gürläp, arlap,
dyzaýana baş galdyrmaz,
ýöne däli görjek bolsaň,
seret topar tutanlara,
ilki birne, soň beýlekä
üýşüp töhmet atanlara,
geçen bolsa, ony oňa,
muny muňa satanlara,
soňra iýip bir-birini,
duşmany däl, basyp alan,
öz-özlerin utanlara...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026