KGB sudy

Göz öňüme geldi ýene
KGB-niň sudsuz sudy,
Nazarowiç, Gurbanbibi,
Gajarowiç, haýbat atýan,
erkek bolup ýaşamagy
pent edenler ili talap,
halallygy öwredenler,
toty ýaly, ýok günämi,
ýok ýalňyşym gaýtalap,
duzun iýip gözel ýurduň,
arkasyndan pyçak urma,
durma halkyň öňünde sen,
biz garaşsyz bolduk ýaňy,
ýol bermeris, bar güýjümiz,
kuwwatymyz ýeter saňa,
gorajak kän atjak daňy,
siz azajyk, ýagdaýyňyz
agyrlaşýar ýylba-ýyldan,
onda-munda gürlän bolup,
isleýänler uruş, gowga
ýol almaýar, goldanmaýar,
biz görýäris, durmuş gowy,
il isleýär iki açar,
garşy gitme halasgäre,
ezileniň gözün açan,
göz öňüme geldi ýene,
il bagtyny alyp gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025