Bütin hekaýa

Basyp alan, eli gelip,
ýesir alnan, gapyl galyp,
göreşse-de näçe asyr,
gylyçly ýa taýak salyp,
hassa edip bir-birini,
ýok etmegi başarmaýar,
soňuna çen hiç tarapy,
gerek bolýar gul, hojaýyn,
bir-birine, çörek ýaly,
biri gitse, beýlekiniň
tapylmaýar öňki haly.

Baý ýa garyp, ýetde-gütde,
diňe gerek bolman çala,
zerur ýaly kähalatda,
daýanç ýaly bir-birine,
gurup-gurman ýumurmakda,
adam ýaly ýaşamagy
başga zada öwürmegi,
çöwürmegi başarýarlar,
ýaryş ýaly bütin durmuş,
gargyş ýaly için açsa,
uruş, gowga turup bir gün,
ýer üstünde, suw üstünde,
guran ilki ýumurýar soň
diňe jaý däl, ýol-ýodany,
hem özüni, eger-eger
dikelmejek ýaly soňra,
sen gowusy aýtjak bolma,
bilmän bütin hekaýany,
garyşdyrma gara, goňry.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025