Gülmek bagty

Ýene-de bir gezek agym tutanda,
diýdi ene, ýylgyrdym men ýaşyryp,
içimdäki harasady geýnüwli,
daşy jäjek, içi möçek sürüden,
ýene-de bir gezek gijände dilim,
dymdym garaşdyryp gep gözlän ili,
bu, belki-de, diňe maňa mahsus däl,
öýe gelmek işden ýorulyp agşam,
ýüzi alnan çaga ýaly mekdepde,
ejesine gaýgy bolmak süllerip,
emma, şükür, garşylan dek gül berip,
güler ýüze zar etmesin ýaradan,
ezizleriň bolsa, ýeňleýär ýüküň,
aýa diýýän özüň üçin wagtyňy,
hem biz üçin her sagadyň, minudyň,
aýdýanlardan degmeýänin sekunda,
ýene-de bir gezek güldi ýüregim,
gülüp bilmek nesip etsin her bendä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025