Ahyrky hakykat

Ol ýalandyr, hiç bir dona bürenmez,
bu ozalam şeýle, häzirem şeýle,
bir gezek däl, iki gezek, müň gezek,
ýalana öwrenen utanmaz, bilmez,
düşünmez ol dünýä gülki bolmagyň
manysyna, adam bolan adamlar
näme üçin başyn goýýar göreşde,
binamysa günde toý diýýän gülýär,
diýmäň olar diňe şu günün bilýär,
diýmäň düzüw adam adamzat döräp,
düzüwligi üçin ýenjilip ölýär...

Durmuş agyr, uruş-gowga gutarmaz,
başlar ony ýene biri täzeden,
ogurlygyn ýapmak üçin açylan,
ýurt gaýgysyn eden bolup dilinde,
görmez gözi il ganyny, saçylan,
ýa ýykylan ojaklary ilinde,
ýöne muňa diňe şeýle seretmäň,
ýalançylar, ownuk-uşak, iň uly
öz-özüni adam saýsyn her näçe,
öwsün özün hiç hilinden düşürmän,
ýa öwdürsin, gorkusyndan mätäçler,
ýa-da bilýän öç aljagyn zalymyň,
näçe gülsün, biler öwýän, öwülýän,
görer donsuz, aýakýalaň ýalany,
ýigrenjini bir-birine ýalançyň,
çümsün olar ýalan sözläp altyna,
ýa bolmasyn hiç bir çörek gaýgysy,
ömri bolmaz ömür ýaly hiç haçan,
atly ýaly bolsalar-da kowalan,
duýar özün ejiz, özünden gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025