Galan bolsaň
Seni iten duýman durkaň,
ýykan ýa-da elin berip,
galdyranlar gumly ýoldan,
ýa berenler dil kömegin,
kyn pursatda gelip goldan,
ýa uzakdan salam ýollan,
ýa ýadadan boş gürrüňi,
gep-gybatdan bogaz eden,
ýa peltäňe ýag bolanlar,
körelende köňül çyraň,
a soň sagbol diýip giden,
agyrdanlar göwne degip,
bilip, bilmän, bolup bilşi,
ýa sylanlar, diýmän gedem,
razy bol, bary seniň
gelen ýeriň şärigidir,
şärigidir çykan baýryň,
halypaňdyr goldan, iten,
sag bolsun diý galan bolsaň,
özüň gözläp, bolman ýiten.