Esasy gytçylyk
Gürrüň berseň geçireniň başyňdan,
adamçylyk, käte diliň açylýar,
içmeseň-de, içen ýaly diýdirip,
diýip biler ýa çak eder bu ýere
nädip geldim, kim men, näme, niýetim,
pälim näme, nirä haýdap barýaryn,
ýa durşuma nebis, kine, army men,
ýa başgarak, uly ýolda barmy men,
pikirlensin diýseň azajyk adam,
gürrüň berseň neler gördüň bu ýolda,
bilsin diýip bilýäniňi il näme,
iň bolmanda saýman özünden egsik,
ýok, garaşma, gynanan bor birisi,
beýlekisi güler ýalandan, çyndan,
ownuk saýyp, gyt bor adam irisi.