Ýaşyrylyp açylan ýara
Saňa öwgi gerek bolsa,
çaga ýaly, bäş, on ýaşly,
ýa-da hassa ýaly agyr,
öljek ýaly öwülmese,
taryp isläp tükeniksiz,
kemsidilip, aglap ösen,
baky ýetim galan ýaly,
alkyş gerek bolsa saňa,
ýüzüň diýmän, ýeňsäň diýmän,
wasp etmeli bolsa ejiz,
mätäç bolan, alaç tapman,
bu güýç, kuwwat aňlatmýar,
aňlatmaýar akyl, paýhas,
ejizligi görkezýär ol,
ýygşyrylýan öwgi bilen,
ýalan bilen, peýdasyndan
zyýany kän, açýan aýbyň,
saňa öwgi gerek bolsa,
gerek bolmaz başga gaýgy.