Ýigrenç nokady
Arkalaşyk bardy ilde,
uruşdan öň, uruşdan soň,
durmuş agyr, ýeňil däldi,
bugdaý sözüň gysganmasaň,
toýa, ýasa baryp, görnüp,
salam berseň ýolda, yzda,
salam alman duran ýokdy,
kine ýokdy içde heňlän,
gahar ýokdy beýle bela,
nätdi ili başa gelen,
açgöz handan gylaw alan,
emel ýeten gije-gündiz
sapak berdi gorkan ile,
sagy talaň, soly talaň,
däp-dessurlar, öňden gelýän,
sylanyşyk boldy ýalan.
Döwlet boldy ganym ile,
jaýy bolsa, ýykyp, düzläp,
sözün aýdyp biljek bolsa,
agzyn dykdy tapyp, gözläp,
jeza öýi hyryn-dykyn,
agzy-burny bilen doldy,
iň esasy, baş çykalga,
para bermek, almak boldy,
37 geldi gaýdyp,
gönümel il günün görýär,
zalymlara alkyş aýdyp,
ýürekdäki ölüp dilde,
dogan duşman doganyna,
bir, iki däl, hemme bildi,
öňdäki ýol, ýoda ýapyk,
gelinmeli nokat däldi...