Holmogorowka hekaýasy
Birisi ýazypdyr: harby gullukçy,
diýen wagty, 39 ýaşynda,
dynç almaga gelip uruşdan biraz,
kireýine alyp "Ford Mustungy",
ýaryş gurýar özi ýalylar bilen,
şäher içi, gören tutýar kellesin,
bu indi geň görülmeýär, gündelik,
günaşalyk waka boldy, adamlar
diýýär ozal diňe 100 müň 'owganly',
urşup gelip, SSSR-i ýok etdi,
bilýärsiňiz näme geldi ýerine,
'90-njy ýyllar', ýetde-de-gütde,
çörek nobatlary, boşan tekjeler,
indi gelse goňşy ýurda gidenler,
bir, iki däl, on essesi ýüz müňüň,
näder ýurdy, gaty gaýgy edýärin,
her gün düýşde, hiç garaman yzyma,
goş-golaňsyz, ýurtdan gaçyp gidýärin.