Surat

Gelmedik taýýarlyk

Sen ilki bil, düşünjek bol azajyk,
adamlaryň ýagdaýyna, halyna,
näme üçin olar bagly, garaşly,
üýşüp münüp mugt diýeniň salyna,
soňra pully, gymmat bolsun her neneň,
bilselerde, çekselerde jebrini,
neden ondan düşmeýärler bes diýip,
sebäbi endigiň gullary olar,
garaşmagyň guly, başga birleri
geler bir gün demir sowudyn geýip,
halas eder diýip, ýöne gelseň-de,
synansaň-da, gaty gynanmaz ýaly,
düşün, olar çekdirmez hiç elinden,
seniň aýagyňdan çekerler gaýta,
düýbi deşik gämä münmegiň isläp,
o bolmasa, nälät okarlar içden,
köşeşeşerle seni, başgany pisläp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025