Gorhana

Täze habar, geň habar,
garaşdyran otuz ýyl,
gelip ýetdi, güljegiň,
aglajagyň bileňok,
boldy bir iş parasyz,
geň galmakdan öleňok...

Tanyş, biliş gerek däl,
geregi ýok araçyň,
öň soralan manady
agzaýan ýok söz açyp,
barsaň bolýar gapydan,
işçi gerek zawoda,
emma gelýän ýok diýip,
habar berýär habarçy,
az bolansoň aýlyklar,
üstesine agyr iş,
kemsitmesi, zorlugy
çydar ýaly bolmadyk,
ýat illere gitmeli,
gelmeli däl yzyňa
diýdiripdir hökümet,
zor diýmeli zor hana,
bir razy adam ýok,
ýurt öwrüldi gorhana...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025