Batga oýny

Sen birine kömek edip,
hakykatdan, kyn gününde,
ýa göreşde, göreşini
goldap ýa-da goldan bolup,
ynanyp däl, hasap bilen,
ulanaryn diýseň ony,
kesewi dek, gerek wagty,
ýa saklaryn gysymymda,
bagly bolar maňa ýagty
güne ýetdim diýip pahyr,
ýalňyşarsyň, seresap bol,
odaçy däl her bir şahyr!

Terbiýesi başga bolsa,
ýa niýeti bolsa düzüw,
nepiň guly bolup bilmän,
bile-göre, taýyn duzak,
gapan gurlan ýere gelmän,
etjek bolýan bolsa işin,
ýitirmäýin wagtym diýip,
saklanjak bor gysyp dişin.

Ýöne erbet adam bolsa,
ýatda sakla bogýan wagtyň,
ezýän wagtyň garaw görmän,
keýpin görüp ýumşak tagtyň,
dymýan adam däldir goýnuň,
begenme ir, taryha bak,
soňy bardyr her bir oýnuň,
ol gün geler, özüň ýaly,
ýa has beter bolar zalym,
syrtmak bolar öz boýnuňa,
batga bor öz salan alyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025