Ýalan gatnaşyk

Besdir, ýeter, bölünişik gerek däl,
begendirme diýip duşmanyň artyk,
geçirersiň uzak ýolda, agyr gün,
ýoldaş bolup, çagalaryň çöregin,
iki şaýyň aljak bolýan ildeşi,
çiljek bolýan aýlygyňy almadyk,
ýagdaýyňdan peýdalanyp, aw saýyp,
bir, iki däl iki ýüzli dost, dogan,
emma olar durmaz diňe zat bilen,
eden işiň gum sowuryp üstüne,
adyňy-da ogurlajak bolarlar,
bilseler-de gazananyň nä günde,
kän görersiň, gynanaňda şat bolan,
ýakyn bolmaz, özüň aldap gülüşme,
içi gara, zandy ýaman ýat bilen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025