Hasap

O birinden ýasalýarka akylly,
başgalaryň hasabyna, elbetde,
bu birinden ýasalýarka başarjaň,
başgalaryň hasabyna, elbetde,
bilip durup akyly ýok üýtgeşik,
başarjaň däl, iş edýänler bolmasa,
gije-gündiz okap, bilip, düşünip,
gulçulygy bezäp biraz başgaça,
başga eşik, köýnek, balak geýdirip,
bir nesil däl, iki nesil, üç nesil,
ýetde-gütde ýaşaýarka düşünmän,
eliň çarpyp harmanyna altynyň,
pikir etmän onuň etjegin näme,
ýa biri sorasa, urulsa, ölse,
'hä' boldy-da diýip, özüňi aklap,
gülen bolsaň, saňa atylan oky,
heläk boljak galmaz döş gerip, saklap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025