Düýpsüz çukur
Eger adam dili bolup, diýmese,
ýa gelmese bolup iki aýagy,
geläýmeli wagty, işini goýup,
ýa elleri bolsa, galam-kagyza
puly ýetip, hat ýazmasa ýokaryk,
ýa-da okamasa ýazylan zady,
ýalany däl, garşy durup galada,
diňlemese, o birleri başyny
etegine salyp, çykanda orta,
onuň o bir ýerde wekili bolmaz,
gorajagy bolmaz, urulsa, ölse,
Alla kömek etsin adama, özi
saýlap, seçip, düýpsüz çukura gelse.