Içgi duzagy
Agam bardy, ady Ymam,
Ymamguly, gurluşykçy,
jaý salardy çekip-çydap,
ir ertirden agşama çen,
dynç güni ýok, eger biri
jan bermese obasynda,
begenerdi jaý saldyran,
hatda göçen Aşgabada,
nobat belläp, çagyrardy,
göz öňümde oba, oglan
gözi bilen guwanardym,
çig kerpiçli jaýlar gidip,
bişen kerpiç jaýlar geldi,
uzyndy ol, agajetdi,
galjaň adam diýerdiler,
gara zähmet üçin doglan,
gürlemezdi içmese kän,
bilýän diýdi haýp puluna,
ussalaryň içgä sowlan...
Soň düşündim içgi, zäher
gaplap bütin bedenini,
diňe garyp işçiniň däl,
okan, ýazan ogullaryň,
il-gününe gerek örän,
nädip aldy elden erkin,
nädip millet agdy atdan,
öz-özüniň berip merkin.