Degişsiz degişlilik

Ýok, bu saňa degişli däl diýseler,
öz ýurduňda, başga ýurtda, parhy ýok,
sebäbi bu o bir tirä degişli,
ýa-da taýpa, ýa millete, başga il,
başga dilli, başga dinli birmahal,
ýa doganyň bolsa çykan kyn ýola,
barma, senem heläk bolarsyň, Ahal
neler çekdi gelmek üçin bu hala,
gutarmaz hiç, kän bor güýçliniň aly,
diýseler ýa öz-özüňi aldasaň,
soň aglama edinseler iş maly...

Ýok, diýseler seniň etjek işiň däl,
başyňy eg, hiç galdyrma, kaýyl bol,
ýok kimligiň, ýok edildiň birmahal,
basyp aldy, basyp alar ýene ol,
ýa-da başga gözi ganly tapylar,
sürer soňky oglana çen söweşe,
o bir ile, seniň ýaly gul bolan,
ýaşan mydam puly ýetmän köwüşe,
ýa agzyndan kesip, ýylgyran ýalan,
degişli bu, tana diýseler özüň,
bu gelýändir başga ýerden, ynanma,
düşünjek bol niýet, päline sözüň.

Öz ýurduňda, başga ýurtda, parhy ýok,
akylly ýa samsyk bolsun, öz işi,
uruşsyn ol, gorasyn ol özüni,
mertebesin, ar-namysyn, är kişi,
özi bilýär, degişli däl bu saňa,
ýa diýseler özüň gararasyň çaňa,
hawa diýseň, biri bolsaň köplügiň,
guýy gazsaň, içjek gelip suwsaman,
köpri gursaň, geçjek gelip mugtuna,
seniň ýaly ösüp gelýän oglunyň,
ýa gyzynyň geljegin ogurlan,
ata borsuň, ene borsuň, telpekli,
ak gyňaçly, çäreleriň bezegi,
a soň geler, garaşdyrmaz kän uzak,
agaç aty çapyp gitmek gezegi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025