Ýalňyş jeza
Bu bir ölüm, diriligiň işidi,
jan gerekmi, pyçak diýýärdi durmuş,
döwür, döwran özgerýärdi, ozalky,
köneje dükanlar çolaryp galyp,
täzeleri açylýardy, alyjy,
pully boljak bolsaň tomaşaçy däl,
ýa-da gurjak bolman sahnada diňe,
başgarajyk adam bolup, yza däl,
gerekdi seretmek azajyk öňe,
emma olar diňlemedi aýdany,
gaýta yzdan ýaňsa alyp güldüler,
gadagan edilen ýazyjy bolsaň,
şahyr bolsaň, zoňtar sözüň böldüler,
aýtjak zady, bilýän zady bar ýaly,
jezaň ýaly, oda ýazyp bilmeseň,
ýok, beýle däl diýseň, çaýkaýan saly,
ýa batyrýan ýaly gämisini iliň,
adam käte başgalary ýazgaryp,
jeza berip çagasyna bigünäň,
ertir özi ölýär biçäre, garyp...