Seniň durmuşyň
Bu seniň durmuşyň, olar
öz durmuşyn gurjak bolýar,
belki, seniň üstüň-başyň,
gözüň-gaşyň diýmän käte,
olar durjak bolýar gerek,
zerur diýen ýerlerinde,
aklaýarlar özlerini
aklanmajak şerlerinde,
sen günäkär agzyň açsaň,
çydamaly dymyp uzak,
olar gurjak bolýar durmuş,
belki, saňa boljak duzak,
ýa-da duşak özgelere,
gurmajaga öz durmuşyn,
durmajaga onuň üçin,
Alla bardyr diýip, gorkup,
düşünmedik bolup dünýä,
saýlamaly wagty ýolun,
ýodasyny, çünki dünýe
edýär birin işlemeli,
gije-gündiz, armasy ýok,
a beýleki dişlemeli,
emma işe barmasy ýok,
elin çermäp, suwa girip,
gazmasy ýok gazy, pylan,
bu seniň durmuşyň, ony
gora, ýogsa günde ýylan,
içýan çakan ýaly borsuň,
o birine, bu birine
aýagasty haly borsuň.