Kömek kynçylygy

Eger-de adamlar, dilinde bir zat,
ýüreginde başga, ýakjak kömürin,
gara gyşa goýman, ýagdyrsa saňa,
bu seniň däl, belki, olaryň öwýän,
güjeňleýän ýüreginiň garasyn,
ýarasyn görkezýär, zäher durşuna,
olar öler awusyndan göterýän,
ýa-da galan wagtyn berer ýigrenje,
seni görüp öz öňünde hemişe,
sebäbi sen beren dälsiň jylawyň,
ýa eýeriň, böküp düşüp atyňdan,
ýa atyňy, taýçanagyň, ýaş entek,
hyýalyňda, arzuwyňda seýislän,
duşman seni atdan ýykaly bäri,
gaçyraly bäri gylyjyň elden,
pioner, komsomol oýnunda däri,
ok edinip seni özüňe garşy,
pyýada halyňa, egindeş bolup,
pikirdeşiň bolup gürrüň edende,
eger-de adamlar, okan, bilimli,
tanaýanyň üçin ursalar seni,
ýa dursalar taýýar öňüňde, yzda,
dilinde bal, emma eli zäherli,
sen olara kömek edip bilmersiň,
bolsun ildeş, bir obaly, şäherli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025