Ýurt howpy

Ses gataltman, adam ýaly
gürrüň edip, düşünişip,
ýaşaýyşyň hilin, halyn,
derejesin üýtgedeli,
häzir erbet diýjeksiň sen,
o birisi o tarapdan,
bu birisi bu tarapdan,
sesiň kesip gygyrarlar,
açyk agyz, iýjeksiň sen,
ilden artyk jaý edinip,
ilden gowy geýjeksiň sen,
ogluň, gyzyň getirip kän,
tire-taýapaň göterip kän,
oturtjaksyň ýokarlarda,
sen durarsyň, çekilersiň,
gygyrýanlar hezil eder,
iýer iýip bolýan zady,
geýer geýip bolýan zady,
diýer diýip bolmajagyn,
utanarsyň görünmäge,
biri diýip şu milletiň,
kölegäňden edip heder,
ýeriň gider, ýurduň gider.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025