Gürleşmek şerti

Adam bilen gürleşmezden öňürti,
aýdýanyna ýagşy, ýaman söz goşup,
hawa diýip, ýa ýok diýip kämahal,
seret onuň ýagdaýyna, halyna,
ýetipdirmi, gelipdirmi bir ýere,
akylynda, paýhasynda, duýguda,
başga biri başga bolup bilýärmi,
düşünýärmi adam näme aslynda,
ýa ýaşaman, goşun çekip ölýärmi?

Öz eliň bar, tutar barka tutmaga,
aýagyň bar, gider barka gitmäge,
gözleriň bar, görüp agy, garany,
olar gyzyl diýse, gyzyl däl diýseň,
diliň barka gurjak bolmak islemän,
geçirip bilýärmi ýylgyrsaň içden,
ýa-da ähli ýaragyny ulanyp,
seni däl, öz-özün öçürip öçde,
jahan urşun turuzýarmy arada,
adam bilen gürleşmezden öňürti,
oýlan biraz birki sorag sora-da...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025