Özüňize kömek ediň
Eger biri ör turup,
diýýän bolsa bu ýalňyş,
ýa dogry däl, gönümel,
ýalňyşlygyň ýesiri
bolýan wagty ildeşi,
iki elin galdyryp,
ol halkyna, ezilýän,
galjak, belki, ezýetde,
heläk bolup gazetde,
žurnallarda ýaýylýan,
efirlerden guýulýan
ýalana ýüzüp ýuwup,
galma diýýär gaflatda,
eger ýagty isleseňiz,
gerek bolsa galmak atda,
jylawyny goýberip,
25-de ýykylman,
ör turany garalamaň,
nälätlemäň at üstünden
düşmän öljek esgeri,
Jahan urşy barýarka,
alyň ondan görelde,
gorkmaň, yzyndan gidiň,
täk oňa däl, hem oňa,
özüňize kömek ediň!