Pida oýnunyň pidasy
Esgi bolup işiginde kim-kimiň,
ady şahyr, wezipeli iki gün,
partiýanyň waspyn eden ölýänçä,
özün aldap, ýaşan bolan ilinde,
goý, adalat, Alla bolsun dilinde,
ýitirensoň öňki ýatyp iýmeli,
telli-pelli güzeranyn saýada,
ýol gözledi ylgap çykyp daşaryk,
özün aldap, ýaşamaga owadan,
ýöne bu az, aýyplady başgany,
garalady gara sorap kömürden,
ýykyjydyr diýdi darkaş gurýana,
mertebesi üçin, diňe özün däl,
ähli ezileni gorajak bolup,
esgi bolan otuzynda, kyrkynda,
ýüzünde-de esgi bolar ýaşasa,
pida bolup, ömrün edip sarkyndy...