Ýalan ýesirligi

Men o niçik tire, taýpa,
nirelere baran, ýeten,
ýa nirede azaşypdyr,
haýsy kölde batan, ýiten,
ýa gözleýän ýoly haýsy,
ýa-da aldap özün, ili
utançsyzy oýnaýarmy,
oýnaýarmy haýasyzy,
gülen bolup aglamaly,
saç ütmeli haly barka,
aýtjak bolup, ýazjak bolup,
oýlanypdym onlarça ýyl,
ýalňyşmaýyn birden diýip,
emma özi aňsat etdi,
aýtdy açyk kimdigini,
nämedigin, kemin goýman,
ýalan kim bol, işdäsi bek,
ýesir düşseň, iýýär doýman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025