Bu ogurlyk
Bu ogurlyk biziň bilen
bir düşekde ýatmaz, oglan,
bizi bizden alyp, aýryp,
bizi bizde atmaz, oglan!
Öldürmez ol ählimizi,
bolmadyk dek hiç zat munda,
unudylmaz ýapylsa-da,
örtülse-de daşy gowy,
oglanly öý ogurlygyň
açar üstün, ýatar towy,
ýalan murtuň, näçe ýagla,
adam dili, süňksüz bela,
kimi kime satmaz, oglan,
bu ogurlyk biziň bilen
bir ýassykdda ýatmaz, oglan!
Bu dünýe bir pany, dogry,
emma maldan, puldan doýman,
adam pahyr bolýar ogry,
nebis aty alyp gaçyp,
bilmez diýýär hiç kim muny,
oglanly öý aýbyn açyp,
kim batgada batmaz, oglan,
kim nireden kime çenäp,
awuly ok atmaz, oglan...
Bu ogurlyk gitmez, iliň
ýene uzak bagtyn baglar,
awy bolup süňksüz diliň,
pikir etme başga aglar,
men gülerin baky galyp,
işdäň açyk, päl-niýetiň
nirelere elter alyp,
salyp seni jübüsine,
bu ogurlyk diňe ili,
pukarany ütmez, oglan,
garaş biraz, soňy bardyr,
bu iş şeýle bitmez, oglan!