Utançsyz
Utançsyzy utandyrmak,
gygyrmak ol gygyranda,
ýa aglanda gözi ýaşsyz,
ýa gülende gülmän gözi,
özi ýaly bolmak onuň
başartmaýar her bir kişä,
öwrenmeseň taktikasyn,
uzak ýyllar synlap, görüp,
ýöne ýene çözülmeli
mesele bar bärde ýeser,
aýdylan öň bes et diýip,
göreşmegi penjek geýip,
bil tutuşyp doňuz bilen,
guma bulap egin-başyň,
ol begener läbik boýlap,
görünmese gözi, gaşy.