Garşylyk

Iller ili ýigrenýärkä,
kömek edýär diýip şere,
ezijiler sürüsine,
inisine gargaýarka,
agasyna gargaýarka,
uly, kiçi, mahluk diýip,
susýar bary başlyk görse,
diýýän känkä, gahar edip,
çydasaňyz ýaşaň uzak,
ölmäň diýip, ýatman gidip,
bolmasa-da bir diňleýji,
bir okyjy töwerekde,
bir eliňde kagyz, galam,
beýlekiňde telefonyň,
tomluklaryň ýerin tutan,
bir zatlary aýtjak bolsaň,
ýazjak bolsaň bir zatlary,
ýa öwrenjek başgalardan,
diýmän besdir, taýak iýdim,
sen garşylyk görkezýärsiň...

Gorkýan wagty iller bile,
bir-biriniň arkasynda
durup bilmän bukulýarka,
oba bolup, şäher bolup,
göwher ýaly, gadyry ýok,
it boýnuna dakylýarka,
aglap, Alla diýip içden,
sen ynanjyň haka açyk
aýdýan bolsaň, basyp alan
ýalan güýçli, millet ejiz,
maňa näme, ölsün diýmän,
sen garşylyk görkezýärsiň,
görkez ony galam barka,
görkez ony kagyz barka,
okamasyn gullar diýmän,
ýaz gelenin içmän, iýmän!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025