Gadymy sorag

Paralleller kesişmeýär hiç haçan,
bu ozal kän gaýtalanan hakykat,
bu birleri her sözünde aglaýar,
o birleri ýüzi sowuk, gözi ýat,
okaýarlar ýazylany kagyza,
ýazyp berlen, ynanmaýan sözlerin,
ýat tutulan, ýürekden däl, bialaç
aýdylmaly janda-pyçak mahaly,
ýa terezä goýlan wagty ykbaly
adamlaryň, ol ülkede, keseki,
ýa özüňki, önüp-ösen ýurduňda,
azatmy ýa gara güýje baş egip,
gypjyn-gynjyn ýaşamaly, ölmeli,
bir tarapda ýüzi mydam perdeli,
gözlerinde göreç ölen adamlar,
durşy galat, urşy galat, özi däl,
soň çagasam ýaşar ýaly gul bolup,
a beýlede, ýüzi açyk, ýüregi
eliň aýasynda goýulan ýaly,
owadan adamlar, sözleýän sözi
kagyza däl, belki, ýazylan gökde
ýyldyzlaryň gije saçýan nuruna,
bakýan saňa bolup hudaýyň gözi...

Paralleller kesişmeýär hiç haçan,
olar agyr ýagdaýlarda elmydam
başga bolýar biri-birinden, gaçan,
ýa-da kowan, deň bolmadyk söweşde
biri ýapyk, gapysy dek husydyň,
hem buýsanýar basyp alan malyna,
hilesine, düşünmeýän ýaly il,
yzdan gelýän neslin salyp alyna,
gylaw alyp pesliginden getiren
bu günlere, adam düşäp ýoluna;
beýlekisi ýadaw, ýöne ýigrenje
öýke-kinä aldyrmadyk özüni,
hem isleýän hatda ganym duşmanyň
açmagyny, ýummagyn däl gözüni.

Paralleller kesişmeýär hiç haçan,
iki dünýe, öňi, yzy uzakda,
sen ýolagçy, çagalaryň yzyňda
näme bolar, azat ýa-da duzakda?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025