Ýakyndaky ýagy

Uzak ýolda ýoldaş bolup,
ahmal wagtyň urup gaçýan,
gozgap köne, täze derdiň,
bile-göre ýaraň açýan,
soňra soran bolýan halyň,
goltugyňa garpyz berip,
gawun berip içi düşen,
tutan bolýan tarapyňy,
nälet okap o birine,
saňa awy, zäher saçýan,
utançsyz ol, pylan diýip,
dostdan ägä bolgun, ýalan,
içe giren duzuň iýip,
açyk duşman gowudyr has,
seni ýyksa ýykar ýaman,
ýakyn durup, edýän yhlas.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025