
Ýurt hederi
Eger iller ýaralansa,
uzak ýyllar, ýüzi alnyp,
bady alnyp türme bilen,
töhmet bilen, kanun diýip,
dogry däl-de, egri ýeňse,
ogry ýeňse köp ogurlap,
az ogurlan ýazgarylsa,
ýalan hany bolsa ýurduň,
hakykatyň donun geýip,
gezet, žurnal, okuw jaýy
göz açmagyň deregine,
gömükligi öňe sürse,
öňe sürse nadanlygy,
dünýe nirä barýar diýmän,
yza çekse günde dyzap,
eger iller çekse azap,
umyt bolsa diňe Alla,
galan ömri bolup güzap,
diňe iller ýaralanmaz,
ýaralanar döwlet agyr,
işgär bolmaz ilde işe,
ýumşa ýaran gaçar, gider,
bu çaga-da aýan, ýurdy
ýeňer ýeňilmedik heder.