Özüňi golda
Başga biri gelip, alyp,
bozýan bolsa seniň goşgyň,
gazallaryň setirlerin,
ýa düzetse manysyny,
ýalňyş diýip, ýüzleý diýip,
ýa-da diýip öte geçýäň,
alajym ýok, çykmaz ýogsa,
bolýar diýip ylalaşsaň,
iller ýaly bolsaň towsup,
gul tansynda böken bolsaň,
gülen bolsaň içiň aglap,
seniňki däl tansyň seniň,
ýa-da goşgyň seniňki däl,
adyň dursun başda, yzda,
goldama sen goşgy ýazyp,
ýaşamagy dymyp, dyzda.