Ýag meselesi
Geçi bolsun owlakly,
hatda ekiz, emdirýän,
guran öri meýdany,
asmandan nem dammaýar,
guýyň suwy çekilen,
gassap bilmez oň halyn,
ýa gaýgysy gözünde,
jan geçiňki bolsa-da,
iki ýüzli sözünde,
bu bir uly mesele,
bu bir ullakan tymsal,
kiçi ýaly bolsa-da,
ähli ýerde geçiniň
aýagy dek häzir ol,
gadym zaman ýazanda,
syýahatçy ýa alym,
başga hakda birleri,
ýa-da şu gün, parhy ýok,
öz gözlerin ulanar,
gassap bolup, azda-kän,
aralykda her zaman
gaýgy bolar geçä jan.