Geçi oýny
O geçini günäkärläp,
bu geçini günäkärläp,
gaty-gaty gygyrsalar,
başga gürrüň gutaran dek,
bu gadymdan gelýän oýun,
sygyrsalar sagdan, soldan,
ynanar il, aldanar il,
geçi pahyr gaçar, sypmaz,
goýun pahyr çopanynyň
awy bolar gorkup her gün
uzakdaky gurtdan, guşdan,
emma ýollar, çukur-sukyr,
düzelmez hiç bäri-bärde,
näçe geçi soýulsa-da,
ynanma sen, kiçileriň,
tapan işin eden ylgap,
çöregine kaýyl diňe,
günäsine, bolsa-da az,
uly günä başgadadyr,
has ulurak ýere çykan,
kän garyby talan, ýykan,
gygyrýana seret siňe,
biri muny bilmän eder,
biri ünsüň sowar diňe,
habary ýok, näme bolýar,
ýanar köplük dönüp güňe.